2008-nji ýylda döredilen «ÇYZGY» kompaniýasy Türkmenistanda iň hormatly we öňdebaryjy kompaniýalaryň biri. Biziň ösüşimiz we üstünligimiz, ugur tapyjylyk we öňde baryjylyk ýaly ösýän abraýymyz tötänleýin däl. Bu kompaniýamyzyň gurluşyk pudagyndaky ilkinji gününden başlap ugur alýan gymmatlyklarynyň adaty netijesi bolup durýar.

Kärhanada 700-den gowrak işleýän işgärler, şol sanda tejribeli inženerler, hakyna tutma hünärmenler, agaç ussalary, ussa kömekçileri, dürli iş bilen meşgullanýan işgärler dogruçyllyk we umumylyk bolan pelsepämizden ugur alyp ýokary derejede ýerine ýetirýärler. “ÇYZGY” kompaniýasy döwlet edaralarynyň we hususy edaralaryň arasynda uly abraýy eýeleýär.

Taslamalaryň sanynyň artmagy bilen täze işleri amala aşyrmak üçin kompaniýa Ahal welaýatynyň Owadandepe obasynda maddy- tehniki üplün edilen 20 000 m2 meýdany tutýan 500 işgäri ýerleşdirmäni mümkinçiligi bolan ýaşaýyş jaýly, ähli ulag spekterini öz içine alýan iň gowy öňdebaryjy brendlerden iň soňky modelli ulagly duralga we ulag ussahanaly Bazasyny gurdy.


BIZ NÄME GURÝARYŞ

Gurluşyk işlerinde esaslanan “Çyzgy” gurluşyk kompaniýasy taslama işini, gurluşyk we montaž işlerini doly toplumda ýokary derejede ýerine ýetirýär.

  • Döwrebap binalar
  • Jemgyýetçilik binalar
  • Ýaşaýyş jaýlar
  • Işewürlik merkezler
  • Kottej jaýlar
  • Monolit jaýlar

BIZIŇ TÄZE UGURLARMYZ

Biziň kompaniýamyz ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda iş alyp barýar. Biz ýetilen sepgitler bilen kanagatlanman täze ugurlarda özümizi görkezýäris:

  • Bagbançylyk
  • Guşçulyk

BIZIŇ SALGYMYZ

A. Nyyazow şayoly, jay 174, gat 13, N1302 şäher Aşgabat.